Halkara Berlin sergisi açyldy

Kosmos we awiasiýa pudagynda dünýäniň belli sergilerinden biri bolan İLA-nyň şu ýylky myhman ýurdy Türkiýe

70330
 Halkara Berlin sergisi açyldy

40 ýurtdan 200 firmanyň gatnaşmagyndaky sergide tehnologiýanyň täze önümleri görkezilýär.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Türkiýäniň transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Lütfi Elwan tarapyndan açylan sergide türk firmalary dünýäniň belli firmalary bilen hyzmatdaşlyk eder.

Türk goranyş senagatynyň öňbaşçy firmalaryndan biri biri bolan “ASELSAN” Airbas we Rolls Roýs bilen strategik hyzmatdaşlyk şetnamasyny baglaşdy.

“ASELSAN-yň” dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Hasan Janpolat şertnamanyň dünýä derejesinde möhüm netijeleriniň boljakdygyny aýtdy.

Goranyş senagatynyň esasy firmalaryndan biri bolan “ROKETSAN” bolsa Airbas bilen şertnama baglaşdy.

ürkiýe 25-nji maýa çenli açyl boljak sergä Goranyş senagaty geňeşiniň guramagynda raýat we harby awiasiýa pudagynda iş alyp barýan 17 firma bilen gatnaşýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar