Ýerli türk dik uçary "Atak" ulanmaga taýar

Milli goranmak ministri İsmet Ýylmaz “Atak” dik uçarynyň iýun aýynyň birinji hepdesinde ulanmaga beriljekdigini aýtdy

78405
Ýerli türk dik uçary "Atak" ulanmaga taýar

Türkiýäniň goranyş senagatynda ýeten sepgidi barasynda maglumat beren ministr Ýylmaz “Dünýäniň ösen tehnologiýasyna eýe bolan “Atak” dik uçarymyzy öndürdik” diýdi.
Türkiýäniň gämilerini, pyýada tüpeňini, som roketasyny, ballisitiki we gözegçilik roketasyny öz mümkinçilikleri bilen öndürendigini nygtan İsmet Ýylmaz “Halkda özüne bolan ynamy döretdik. Goşunymyz soňky 200 ýylda iň güýçli çägine ýetdi. Milletimiz, döwletimiz soňky 200 ýylyň iň güýçli döwrüni başdan geçirýär” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar