Konstitutsiýa we Prezidentlik ulgamy bilen baglanşykly işler tamamlandy
Premýer ministr Binali Ýyldyrym Konstitutsiýa we Prezidentlik ulgamy bilen baglanşykly işleriň tamam bolandygyny habar berdi
Partiýasynyň Afýonkarahisarda geçirilen 25-nji Maslahatlaşma we kesgitleme maslahatynyň ýapylyşynda söz sözlän Premýer ministr Ýyldyrym: “Mundan soňky işimiz teklibimizi iň gysga wagtda beýik mejlsiň ygtyýaryna tabşyrmak” diýdi.
Binali Ýyldyrym: “Bizi Siriýada we Yrakda şägirt edip görkezmäge synanyşanlar Ýewfrat galkany operasiýasyna seretsinler, Başika seretsinler, ol ýerlerdäki aýly-ýyldyzly baýdaga seretsinler” diýdi.
Maslahatdan soň Başikada Türkiýäniň artilleriýasynyň Peşmerge güýçleri bilen bilelikde DAIŞ-iň ýerlerine hüjüm guramagy bilen baglanşykly beýanat beren Binali Ýyldyrym: “Peşmerge DAIŞ-e garşy goldaw berilmegini isledi. Biz hem ol ýerdäki toplar bilen, taňklar bilen goldaw berýäris” diýdi.
Degişli Habarlar
Türkiýe, Owganystana Ynsanperwer Kömegini Berdi
24 tonnalyk ynsanperwer kömegi azyk hatyrlaryndan we lukmançylyk enjamlaryndan ybarat.