Türk Ýaragly güýçler serhede goşmaça gaubisalar we taňklar iberýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan serhet birikmelerine goşmaça iberilen gaubisalar we taňklar serhede baryp ýetdi

893032
Türk Ýaragly güýçler serhede goşmaça gaubisalar we taňklar iberýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan serhediň howpsyzlygy we sebitde asudalygy üpjün etmek maksady bilen Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny olaryň basyşyndan we zulmyndan halas etmek üçin başladylan Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde dürli harby bölümlerden iberilen 14 gaunisa we 7 taňk ýüklenen ýük ulaglary Hataý welaýatynyň Hassa etrabyna baryp ýetdi. 

Taňklaryň we gaubisalaryň Siriýa serhedine ýerleşdirilen harby bölümlere goşmaça ýagdaýda iberilendigi mälim edildi. 

Beýleki tarapdan serhet birikmelerinden terror guramasy PÝD/PKK-nyň ýerlerine garşy od açylandygy eşidildi. 


Etiketkalar: #Hataý , #gaubisa , #taňk , #serhet

Degişli Habarlar