"Dünýädäki täze özgeriş, ýurdumyzyň öňünde täze we uly mümkinçilikleriň gapylaryny açar"

Prezident Erdogan, dünýädäki täze özgerişleriň, ýurdumyzyň öňünde täze we uly mümkinçilikleriň gapylaryny açjakdygyny habar berdi

1406986
"Dünýädäki täze özgeriş, ýurdumyzyň öňünde täze we uly mümkinçilikleriň gapylaryny açar"

Adalat we ösüş partiýasynyň Merkezi dolandyryş geňeşi, ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda ýygnandy. 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş boýunça görülen çäreleriň çäginde wideo konferensiýa arkaly geçirilen maslahatda çykyş eden Erdogan: "Dünýädäki täze özgeriş, ýurdumyzyň öňünde täze we uly mümkinçilikleriň gapylaryny açar" diýip belledi. 

Prezident Erdogan, epidemiýa garşy görülen öňüni alyş çäreleriň kesgitlenen senenama görä tapgyrlaýyn häsýetde ortadan aýrylan mahaly Türkiýäniň önümçilik çarhlarynyň ýaňadandan doly häsýetde işlemäge başlajakdygyny habar berdi. 

Bu döwürde öňüni alyş çärelerine gulak asan raýatlara minnetdarlyk bildiren Erdogan: "Öňümizdäki döwürde iň uly güýjümi bolan milletimiziň köňlündäki aýratyn ýerimizi has hem güýçlendirmek üçin tagalla ederis" diýip belledi. 


Etiketkalar: #önümçilik , #Erdogan , #millet

Degişli Habarlar