Erdogan “Gaz Ýakma Dabarasyna” Gatnaşdy
Erdogan tebigy gaz gözleg işleriniň dowam etjekdigini aýtdy
Prezident R.T.Erdogan Sakarýa zolagynyň “Gaz ýakma dabarasyna” sanly ulgam arkaly gatnaşdy.
Erdogan “Gara deňizde açylan tebigy gaz guýulary ilkinji däldir, soňkusy hem bolmaz” diýdi.
“Fatih” burawlaýyş gämisinin bir ýylda 540 milliard m3 tebigy gaz tapandygyny ýatladan Erdogan, gözleg işleriniň dowam etjekdigini nygtady.
Golaýda Gara deňizde tapylan tebigy gazyň ulanylmaga başlamagy bilen pudakda daşarky garaşlylygyň azaljakdygyny nygtan Erdogan: “Gara deňiziň gazynyň birinji tapgyryny 2023-nji ýylda ulanmaga bermek üçin gije gündiz arman-ýadam işlenýär” diýdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Türk Howa Güýçleriniň 113 Ýyllygyny Gutlady
"Gök watanymyzy gahrymanlarça goraýan Türk Howa güýçlerimiziň 113 ýaşyny gutlaýaryn"
Hakan Fidan, Kosowanyň Premýer-ministri Kurti Bilen Duşuşdy
Ministr Fidan, Kosowanyň Premýer-ministri Kurti bilen paýtagt Ankarada duşuşdy