“Zeýtun Şahajygy” Operasiýasy Zolagyndan Şehit Habary Geldi

Hüjümden PKK/ÝPG-a agza 24 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1821874
“Zeýtun Şahajygy” Operasiýasy Zolagyndan Şehit Habary Geldi

Siriýada “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy zolagynda terrorçylar tarapyndan guralan raketa hüjüminde 1 esger şehit boldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Siriýada “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy zolagynda terrorçylar tarapyndan guralan raketa hüjüminde agyr ýaralanan 1 esgeriň hassahanada bejergi astyna alynandygy emma halas edilip bilinmändigi we şehit bolandygy nygtaldy.

Beýannamada, hüjümden soň ýerleri anyklanylan terrorçylara degişli ýerleriň nyşana alynandygy we ilkinji kesgitlemelere görä ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-a agza 24 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirildigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar