Türkiýe Ýyly 4-5 Göterim Ösüş Bilen Tamamlar

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň ýyly 4,5 göterimlik ösüş bilen tamalajakdygyny aýtdy.

1921893
Türkiýe Ýyly 4-5 Göterim Ösüş Bilen Tamamlar

Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda çykyş etdi.

Geljek ýylyň başynda Gara deňizden çykaryljak tebigy gazy, Akkuýu atom energiýa bekediniň birinji bölümini raýatlaryň ulanmagyna beriljekdigini nygtan Erdogan, täze açyşlar we maýa goýumlar bilen energetika pudagynda daşarky garaşlylygy doly ortadan aýyrýançalar tagalla etjekdiklerini aýtdy.

Goranyş pudagynyň başda durmagynda ençeme ulgamda dünýa derejesinde bäsdeşlik güýjüne eýe bolandyklaryny beýan eden Erdogan, geljek tapgyrda önümçiligi we eksporty höweslendirip, senagaty hasam güýçlendirjekdiklerini aýtdy.

“Türkiýe Asyry” konsepsiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň 100-nji ýylynda dünýäniň ösen 10 ýurdunyň hataryna goşulma maksady bilen has uly üstünlikleri millete sowgat etmekde ygrarlydyklaryny nygtan Erdogan; “ Ýaş nesillere goýuljak iň uly mirasyn Türkiýäni global derejede güýje eýe bolan ýurda öwürmekden ybaratdygyna ýürekden ynanýarys” diýdi.

“Bütin düýä ykdysady çökgünlige garşy göreşýän bolsa, biz Türkiýäniň önümçilik we iş üpjünçiligi arkaly ösüş maksadymyza ýetdik, ýetýäris” diýen Prezident Erdogan; “Türkiýe ýyly 4-5 göterimlik bilen tamamlar” diýdi.

 



Degişli Habarlar