TOGG ulagynyň ilkinjileri Prezident Erdogana gowşuryldy

Türkiyäniň elektrik tokda işleýän ýerli awtoulagy TOGG-yň ilkinji 2 ulagy Prezident Rejep Taýýip Erdogana we aýaly Emine Erdogana gowşuryldy

1969337
TOGG ulagynyň ilkinjileri Prezident Erdogana gowşuryldy
togg erdogan.jpg
togg.jpg

Togg ulagynyň T10X modeliniň ilkinji 2 nusgasyny gowşurmak üçin paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde dabara geçirildi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogana we aýaly Emine Erdogana öndürilen ilkinji 2 awtoulag gowşuryldy. 

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda: "Şu gün milletimiziň 60 ýyllyk arzuw-hyýalynyň durmuşa geçirilmegine şaýatlyk edýäris" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Diňe Türkiyäniň ýollarynda däl, eýsem dünýä ýollarynda hem TOGG-a tomaşa ederis. Tizlik isleseň tizlik, rahatlyk isleseň rahatlyk bar. Näme isleseňiz düzüminde bar" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem şu gün Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde TOGG-yň gowşuryljakdygyny, Özbegistana hem ugradylmagy üçin işleriň alynyp barylýandygyny mälim etdi. 

Emine Erdogan hem: "Ýurdumyň adyndan buýsanýaryn. Ulagy arkaýyn ulanyp bolýar. Ulagyň içinde özüňizi arkaýyn duýarsyňyz. Zähmet çeken ähli adamlara minnetdarlyk bildirýärin. Ajaýyp bir ulag. Düşümli bolsun" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar