Gazadan häzirki wagta çenli jemi 1047 türk raýat ewakuasiýa edildi

Türkiye Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklaryň başlan güni bolan 8-nji oktýabrdan bäri 1047 türk raýatyny, DKTR-nyň raýatlaryny we olaryň maşgalalaryny Gazadan ewakuasiýa etdi

2076115
Gazadan häzirki wagta çenli jemi 1047 türk raýat ewakuasiýa edildi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Önjü Keçeli X sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "8-nji oktýabrdan bäri 1047 türk raýaty, DKTR-nyň raýatlary we olaryň maşgalalary Gazadan ewakuasiýa edildi. Ewakuasiýa edilenler Gazadaky gümrük geçelgesiniň Müsür tarapynda diplomatlarymyz tarapyndan garşylanýar, ilki bilen gara ýol arkaly Kair şäherine, ol ýerden bolsa howa ýollary arkaly Stambula gelmekleri ýola goýulýar" diýip habar berdi. 

Önjü Keçeli ewakuasiýa üçin garaşýan raýatlaryň sanawynyň dowamly häsýetde täzelenenýändigini, Gazadaky türk raýatlaryň ählisiniň ewakuasiýasy üçin howpsuz ýagdaýda we iň gysga wagtda tamamlanmagyny maksat edinýändiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar