Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Yragyň demirgazygyndaky “Penje-Gulp” operasiýa zolagynda anyklanan 2 PKK terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

2085751
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Bu barasynda Milli goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen habarnamada mälim edildi.

Beýannamada; “Yragyň demirgazygyndaky “Penje-Gulp” operasiýa zolagynda anyklanan 2 PKK terrorçysy komandoslarymyz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildiler. Nirede bolanda-da terror guramasy PKK garşy göreşimiz soňuna çenli dowam eder” diýilýär.

Ministrlikden berilen ozalky beýannamada bolsa Siriýanyň demirgazygyndaky “Ýefrat galkany we Parahatçylyk çeşmesi” zolaklarynda hüjüm guramak üçin taýýarlyk gören 5 PKK terrorçysynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berilipdi.



Degişli Habarlar