Türkiye Gresiýa reaksiýa bildirdi

Türkiye, Gresiýanyň iki sany täze Deňiz parkyny yglan etjekdigi baradaky beýanatyna reaksiýa bildirdi

2126417
Türkiye Gresiýa reaksiýa bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň 16-17-nji aprel aralygynda Afiny şäherinde geçiriljek "Okenalarymyz" atly konferensiýasynda biri Ege deňizinde, beýlekisi Ioniýa deňzinde bolmak bilen jemi 2 sany Deňiz parkyny yglan etjekdigi baradaky beýanatyna ünsler çekilip: "Gresiýanyň eýýäm ençeme wagt bäri Egeý meseleleriniň çäginde ähli platformalardan peýdalanmaga synanyşýandygy mälimdir. Gatnaşyklarymyzda soňky wagtlarda ýumşaýandygyna garamazdan, Gresiýanyň bu gezek bolsa daşky gurşaw meseleleri bilen bagly meselelerden peýdalanmaga synanyşýandygy görüldi. Gresiýa Egeý meselelerini we özygtyýarlylygy halkara şertnamalary bilen Gresiýa berilmedik käbir adalaryň, kiçijek adajyklaryň we gaýalaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri öz gün tertibiniň çäginde ulanmazlygyny maslahat berýäris" diýip habar berildi. 

Ýewropa Bileleşigi bilen birlikde 3-nji taraplara: "Gresiýanyň daşky gurşaw programmalary bilen bagly syýasy göçümlerine" gural bolmazlyklary barada duýduryş berilen beýanatda, halkara deňiz kanunçylygynyň, ýapyk ýa-da ýarym ýapyk deňizlerde kenarýaka döwletleriň arasynda daşky gurşaw meselelerini öz içine alýan hyzmatdaşlygy höweslendirýändigi we Türkiyäniň Egeý deňzinde Gresiýa bilen hyzmatdaşlyga hemişe taýýardygy nygtaldy.



Degişli Habarlar