Türk resmiler Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdiler

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Erdogan Heniýýe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2126845
Türk resmiler Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdiler
fidan heniyye.jpg
heniyye.jpg

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan çagalary we agtyklary Ysraýylyň guran hüjüminde şehit bolan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdi. 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Erdogan Heniýýe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Ismail Heniýýä çagalary we agtyklary Ysraýylyň hüjüminde şehit bolmagy sebäpli gynanç bildiren Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Ysraýylyň adamzada garşy eden jenaýatlary üçin kanunyň öňünde hökman jogapkärçilige çekiljekdigini beýan etdi. 

Beýleki tarapdan wise-prezident Jewdet Ýylmaz sosial media hasabyndan beren beýanatynda, 3 çagasy we 4 agtygy Ysraýylyň goşunynyň hüjüminde şehit bolan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdi. 

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş, telefon arkaly söhbetdeş bolan Ismail Heniýýä gynanç bildirip, Ysraýylyň eden adamzat jenaýatlarynyň häsabynyň ählisini hukugyň öňünde çürt-kesik berjekdigini beýan etdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan we Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn hem Ismail Heniýýä telefon arkaly jaň edip, gynanç bildirdiler. 



Degişli Habarlar