Wise-prezident Jewdet Ýylmaz gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz sebitde barha artýan dartgynlygyň gysga wagtda azalmagyny we ünsi Gazada bolup geçýän adamzada garşy jenaýatlara gönükdirilmegini isleýändiklerini beýan etdi

2127510
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Sebitimizde barha artýan dartgynlygyň gysga wagtda azalmagyny we ünsi Gazada bolup geçýän adamzada garşy jenaýatlara gönükdirilmegini isleýäris. Ýaraşygyň ýola goýulmagy, ynsanperwer kömekleriň ezilen Palestinanyň halkyna päsgelçiliksiz ýetirilmegi we iki döwletli hemişelik parahatçylygy üpjün etmek bilen bagly syýasy tapgyryň başladylmagy üçin Türkiye hökmünde her dürli tagallany etmäge dowam ederis. Başdan geçirilen gyrgynçylyklara sessiz galyp, Ysraýyla şertsiz goldaw berýänler, sebitleýin dartgynlygy artdyrýarlar we Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki dolanşygyň jenaýatlaryna şärik bolýarlar. Halkara jemgyýetiň hukuga gaýdyp gelmegi, dogrynyň ýanynda durmagy we Ysraýylyň hüjümelrini bes etmegi üçin pozisiýa eýelemegi, ynsanperwerlik zerurlyk ýaly taryhy we strategik zerurlykdyr. Uruşda ýeňen, adalatly parahatçylykda ýeňilen ýokdur" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar