Türkiýä 2 Aýda 4 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi
Türkiýä ýylyň iki aýynda 4,341,606 syýahatçy gelen bolsa, Eýran, Russiýa we Bolgariýa esasy syýahatçy ugradan ýurtlaryň başyny çekýär.
2127886
Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň syýahatçylyk hasabatyndan alynan maglumata görä Türkiýä 2023-nji ýylda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 56,693,837 adama barabar.
Şol syýahatçylaryň 49,209,180 sanysy daşary ýurtly, 7,484,657 sanysy daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlardan ybarat.
Gümrük geliş-gidiş hasabatyna görä Türkiýä 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 2,047,000, fewral aýynda 2,294,579 daşar ýurtly syýahatçy geldi.
Geçen ýylyň degişli döwründe Türkiýä 3,876,381 daşary ýurtly syýahatçy gelipdi.
Şol görkezijilere görä ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrüne görä 12 göterim ýokarlap, 4,341,606 adama ýetdi.