Fidan: "Türkiye Ysraýyla garşy gozgalan genosid bilen bagly kazyýet işine goşular" diýdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde Günorta Afrikanyň Ysraýyla garşy Halkara kazyýetde gozgan genosid bilen bagly kazyýet işine goşulmak barada karara geldik" diýip habar berdi

2134248
Fidan: "Türkiye Ysraýyla garşy gozgalan genosid bilen bagly kazyýet işine goşular" diýdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Ankara şäherinde Indoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Marsudi bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Häzirki wagta çenli iki ýurduň (Nikaragua we Kolumbiýa) Günorta Afrikanyň Ysraýyla garşy Halkara kazyýetde gozgan genosid bilen bagly kazyýet işinde anyk tutum alyp baryp, ýüz tutandygyny aýdan Hakan Fidan: "Biz hem şu gün geçirilen işleriň netijesini hormatly prezidentimiz Rejep Taýýip Erdoganyň garamagyna hödürledik we kabul edilen syýasy kararyň netijesini bu ýerden ilkinji gezek bildirmek isleýärin. Türkiye hökmünde Günorta Afrikanyň Ysraýyla garşy Halkara kazyýetde gozgan genosid bilen bagly kazyýet işine goşulmak barada karara geldik" diýip habar berdi. 

Bu ädim bilen Halkara kazyýetiň öňündäki tapgyryň dogry ugur boýunça öňe gidişlik etmegini dileýändiklerini aýdan ministr Hakan Fidan: "Belläp geçişim ýaly esasan hem bu ýüz tutmamyz bilen bagly işlerimiz eýýäm ençeme wagt bäri dowam edýärdi. Biz mundan soň bu syýasy karary prezidentimiz tarapyndan kabul edileninden soň, häzirki wagtda bütin dünýä aýan edileninden soň, hukuk taýdan işlerimizi tamamlarys. Ähli dost we ýaran ýurtlar bilen bu meselede has köp näme edip bolar, esasan hem haýsy ýurtlar ýüz tutup biler, şonuň bilen bagly işleri geçirmäge dowam ederis. Işlerimiziň hukuk taýdan resminamasy tamamlananyndan soň, kabul edilen bu syýasy karary durmuşa geçirmek üçin resmi ýüz tutmamyzy Halkara kazyýete bildireris. Türkiye hökmünde islendik ýagdaýda palestinanyň halkynyň ýanynda durmaga dowam ederis" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar