Ibrahim Kalyn Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud bilen duşuşdy

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Somaliniň paýtagty Mogadişu şäherinde Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud tarapyndan kabul edildi

2134063
Ibrahim Kalyn Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud bilen duşuşdy

Somaliniň Prezident diwanyndan berilen beýanata görä, Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn Mogadişu şäherine sapar gurap, Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud we Milli Razwedka we howpsuzlyk agentliginiň başlygy Abdullahi Mohamed Ali bilen Somali prezident köşgünde duşuşyk geçirdi.

Howpsuzlyk we razwedka ugurlary boýunça Aş-Şebab terror guramalaryna garşy göreş tagallalarynyň ele alynan duşuşykda, sebitleýin durnuklylygyň özgerdilmegi we Türkiye bilen Somaliniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi bilen bagly ugurlar boýunça hem pikir alyşyldy. 

Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud duşuşykda Somaliniň hökümediniň, terrora garşy göreş başda bolmak bilen howpsuzlyk ugurlarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ähmiýet berýändiklerini habar berdi. 


Etiketkalar: #Somali , #Ibrahim Kalyn

Degişli Habarlar