Erdogan TRT-niň Döredilen Gününiň 60 Ýyllygyny Gutlady

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasynyň döredilen gününiň 60 ýyllygy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

2134352
Erdogan TRT-niň Döredilen Gününiň 60 Ýyllygyny Gutlady

Prezident Erdogan TRT-nin tejribesini, jogapkärçilikli, bitarap we göreldeli habarçylyk düşünjesi bilen 60 ýyldan bäri raýatlaryň ulanmagyna hödürleýändigini beýan etdi.

Döwrebap, sanly ýaýlym ulgamynyň talap edýän ähli şertlerden ýerlikli peýdalanýan TRT-niň güýçli we netijeli konstruktiw gurluşa eýedigini we ýaýlym pudagynda ýeten sepgidi bilen türk halkyny buýsandyrýandygyny nygtan Prezident Erdogan; “Jemgyýetçilik ýaýlym jogapkärçiligine üns berýän TRT, hyjuwly özbolşylygy we öňbaşçy ýaýlym terjibeleri bilen ýurdumyzyň gymmatlyklaryny, taryhyny, medeniýetini, güýjüni we sesini bütin dünýä ýetirmäge dowam edýär. harbardan sporta, aýdym-sazdan dokumental filme, çağalardan medeniýete çenli ähli uğurlarda nusgawylygyny dowam etdirýän TRT, ýurdumyzda pudak üçin mektep aýratynlygyna eýedir. TRT-niň üstünlikli işlerini mundan beýläk hem dowam etdirjekdigine ynanýaryn. Döredilen güni mynasybetli Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasynyň ähli işgärlerini gutlaýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar