Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi

Prezident R.T.Erdogan Ysraýyl blen söwda gatnaşygynyň dolulygyna bes edilmegi hakyndaky kararyň ýerliklidigini beýan etdi.

2135233
Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi

Türkiýänin Ysraýyla eksporty dolulygyna bes etmegi hakynda durup geçen Erdogan, Ysraýylyň palestinalylara edýän gyrgynçylygynyň kabul edilmesizdigini nygtady.

Erdogan: “Ysraýyl häzirki wagta çenli 40-45 müň palestinalyny wagşylarça öldürdi. Musulman hökmünde biziň oňa synçy bolmagymyz mümkin däl. Edilmeli başlangyçlary etdik” diýdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň palestinalylara edýän gyrgynçylygyna reaksiýa bildiren Erdogan; “Netanýahu rehimsiz we şol rehimsizligini bolsa gynansagam çağalara, zenanlara we garrylara görkezdi” diýdi.

ABŞ-nyň başda durmagynda bütin günbatar dünýäsiniň Ysraýylyň tarapynda durýandygyna ünsi çeken Erdogan, ejir çekýän palestin halkynyň Ysraýylyň bombalarynyň öňünde ölüm mejbur edilendigini ünsi çekdi.

“Oňa mundan artyk sabyr edip bilmedik we degişli başlangyçlary etdik” diýen Prezident Erdogan; “Ysraýyl bilen aramyzda 9,5 milliard dollarlyk söwda ganaşygybardy. Şol söwda mukdaryna garamazdan biz bu gapyny ýapdyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar