Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 32 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2135159
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden mesele bilen bagly beýanat berildi. 

Beýanatda: "Batyr, tutanýerli we güýçli. Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Haftanin, Gara, Hakurk we Penje-Gulp operasiýalary sebitlerinde anyklanan PKK-a agza 32 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terror guramalarynyň bilini göneltmegine rugsat berilmez, bar bolan sebitlerinde iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli göreşimiz tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #PKK , #terrorçy , #Türkiye

Degişli Habarlar