Ýaşar Güler terrora garşy göreş barada beýanat berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, terrora garşy göreşdäki esaslary üýtgedendiklerini, terrorçyny gözbaşynda ýok etmek strategiýasyny alyp barýandyklaryny habar berdi

2134887
Ýaşar Güler terrora garşy göreş barada beýanat berdi

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, hususy telewideniýe kanallarynyň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi. 

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň Yragyň demirgazygyna ýerleşendigini we ençeme ýyl bäri işlerini ol ýerden amala aşyrýandgyny aýdan Ýaşar Güler: "Şol sebäpli biz terrory gözbaşynda ýok ederis" diýip nygtady. 

Serhetaşa geçirilmegi ähtimal operasiýa bilen baglanşykly Ýaşar Güler: "Terrora garşy göreşdäki esaslary üýtgetdik. Terrorçyny gözbaşynda ýok etmek strategiýasyny alyp barýarys" diýip habar berdi. 

Yragyň demirgazygynda 5-6 ýyl bäri Türk howpsuzlyk güýçleriniň bardygyny we terror guramasynyň ençeme ýyl bäri ýerleşen ýerlerini terk edip, günorta tarap çekilmäge mejbur galandyklaryny aýdan Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler terrory gözbaşynda ýok etmek üçin zerur bolan zatlaryň ediljekdigini aýtdy.


Etiketkalar: #PKK , #terror , #Ýaşar Güler

Degişli Habarlar