Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahajygy we Ýewfrat Galkany sebitlerinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2136016
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Terrorçylaryň hüjümlerine artykmajy bilen jogap bermäge dowam edýäris. Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahajygy we Ýewfrat Galkany sebitlerinde asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak üçin hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Terrory gözbaşynda ýok etmekde erjeldiris, tutanýerlidiris" diýip habar berildi.  



Degişli Habarlar