Türkiýe Gaza Synagyndan Üstünlikli Geçen Ýurtlardan Biri

Bu barasynda Prezident R.T.Erdogan beýan etdi.

2136077
Türkiýe Gaza Synagyndan Üstünlikli Geçen Ýurtlardan Biri

Prezident R.T.Erdogan Beştepe Millet Maslahatlar we Medeniýet Merkezinde Gaznalar hepdeligi mynasybetli köpçülikleýin açylyş hem-de Gazna ynsan baýragynyň gowşurlyş dabarasynda çykyş etdi.

Prezident Erdogan; “Palestin halkynyň iň agyr günlerinde dadyna ýetişen eziz milletimiz doganlyk borjuny berjaý etmegiň ýanynda bütin adamzadyň wyždanyna öwrüldi. Türkiýe Gaza synagyny iň üstünlikli geçen ýurtlardan biri” diýdi.

“Mart aýynyn ahyrynda jemi 3 müň tonnalyk 125 müň ynsanperwer kömek gutusyny alyp giden 8-nji gämimizi Gaza ugratdyk” diýen Erdogan; “Şu günki güne çenli jemi 50 müň tonna barabar ynsanperwer kömegi bilen Türkiýe dünýade Gazada iň köp kömek ugradan ýurt boldy. Günsaýyn rehimsizleşýän Ysraýylyň höklümetini hüjümleri bes etmäge mejbur etmek maksady bilen diplomatiýa we söwda taýdan gysyşymyzy artdyrýarys. Birinji tapgyrda 54 önüm toparyna eksport çäklendirmesini goýupdyk. Geçen hepdeden başlap Ysraýyl bilen eksport we import amallaryny ähli önümlerde bes etdik” diýdi.

Türkiýäniň Ysraýyla garşy Halkara Adalat Diwanynda gozgalan genosid işine hem tarap bolup gatnaşmaga karar berendigini aýdan Prezident; “15 müň sanysy çaga, 35 müň doganymyzyň janyna kast edenleriň hukugyň öňünde hasap bermegi üçin ähli mümkinçiliklerimizden peýdalanarys. Bu kararymyzyn sebitde akýan ganyň durmagyny isleýän beýleki ýurtlara hem güýç goşjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar