Erdogan Yrakdan PKK-ny Terror Guramasynyň Sanawyna Goşmagyna Garaşýandyklaryny Aýtdy

Prezident R.T.Erdogan Yrakdan PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar etmegine garaşýandyklaryny beýan etdi.

2136185
Erdogan Yrakdan PKK-ny Terror Guramasynyň Sanawyna Goşmagyna Garaşýandyklaryny Aýtdy

Erdogan Ankarada ministrler kabinetiniň mejlisinden soň möhüm beýanatlar berdi.

13 ýyl soň uly wekiliýet bilen geçen aý Yraga guran saparynyň netijesi hem-de aňladýan manysy taýdan taryhy ähmiýete eýedigini nygtan Erdogan; “Yragyň hökümetiniň PKK-ny gadagan edilen guramalaryň sanawyna goşmagynyň möhüm başlangyçdygyny nygtap; “PKK-nyň terror guramasy hökmünde yglan edilmegine garaşýandygymyzy hem aýtdyk. Haýsydyr bir döwlet bu howpy görmediksiräp bilmez. Ekstramist gurama golaýda agyr zarba urarys. Biz degişli çäreleri görmekden çetde durmarys” diýdi.

Terrorizme garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini aýdan Erdogan; “Siriýada ýaranlarymyz tarapyndan berilip, durulmadyk sözler sebäpli ýarym galan işimizi wagty-güni gelende hökmany suratda tamamlarys. Yrakdaky we Siriýadaky operasiýalarymyzyň netijesinde amnýowr giňişligi çäklenen ekstremist terror guramasyna golaýda agyr zarba urarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar