Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi operasiýalar barada maglumat berdi

2136114
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Yragyň demiragzygyndaky Hakurk, Metina we Gara sebitlerinde anyklanan, aralarynda ýokary derejeli ýolbaşçy terrorçylar hem bolan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 16 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terrorçylaryň hinlerini birin-birin ýok etmek ygtyýarynyň we tutanýerliliginiň, artýan täsir bilen güýçli basyş bilen dowam edýändigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demiragzygyndaky Hakurk, Metina we Gara sebitlerinde anyklanan, aralarynda ýokary derejeli ýolbaşçy terrorçylar hem bolan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 16 terrorçyny howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi. Terrory ýok etmekde, mileltimizi bu beladan halas etmekde tutanýerlidiris" diýip belledi.

Beýleki tarapdan bolsa Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahajygy we Ýewfrat Galkany sebitlerinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Terrorçylaryň hüjümlerine artykmajy bilen jogap bermäge dowam edýäris. Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahajygy we Ýewfrat Galkany sebitlerinde asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak üçin hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Terrory gözbaşynda ýok etmekde erjeldiris, tutanýerlidiris" diýip habar berildi.  



Degişli Habarlar