Türkiye Ysraýylyň manipulýasiýa etmek bilen bagly tagallalaryna üns bermezlik barada duýduryş berdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy, Ysraýylyň dünýä jemgyýetçiliginiň pikirini manipulýasiýa etmek tagallalaryna üns bermezlik barada duýduryş berdi

2136520
Türkiye Ysraýylyň manipulýasiýa etmek bilen bagly tagallalaryna üns bermezlik barada duýduryş berdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Dezinformasiýa garşy göreş merkezi, Ysraýylyň Palestina garşy hüjümlerini protest eden ABŞ-daky uniwersitetlerde okaýan talyplar bilen baglanşykly, sosial media ulgam arkaly orta atylan öňe sürmeleriň dogry däldigini habar berdi. 

Kolumbiýa uniwersitetindäki Palestinanyň tarapynyň tutulyp geçirilen protestlerde Nasist simwollaryň çekilendigi bilen bagly öňe sürmeleriň nädogrydygyny, ady agzalýan suratlaryň 2018-nji ýyla degişlidigi mälim edildi. 

Ysraýylyň Palestinada eden jenaýatlaryny protest eden talyplary "Nasist" ýa-da "Jöhit duşmany" hökmünde aýtmak üçin manipulýasiýa tagallalaryny alyp barýandygy bellenen beýanatda, öňe sürmeleriň tersine uniwersitetlerde Palestina goldaw berilip geçirilýän demonstrasiýalara köp sanda jöhit talyplaryň hem gatnaşyp, Ysraýyly protest edýändigi aýan edildi. 

Beýanatda: "Ysraýylyň dünýä jemgyýetçiliginiň pikirini manipulýasiýa etmek tagallalaryna üns bermäň" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar