Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2137997
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, terrora garşy göreşiň täsirli we tutanýerli ýagdaýda dowam edýändigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Hakurk, Gara we Penje-gulp operasiýasy sebitlerinde anyklan PKK-a agza 10 terrorçy bilen Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahajygy we Parahatçylyk Çeşmesi sebitlerinde anyklan PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar