“Terror Guramalaryna we Guramaçylykly Jenaýat Toparlaryna Garşy Egilşiksiz Göreşi Dowam Etdireris”

Erdogan, Gruziýanyň Premýer-ministri İrakli Kobakhidze bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

2140660
“Terror Guramalaryna we Guramaçylykly Jenaýat Toparlaryna Garşy Egilşiksiz Göreşi Dowam Etdireris”

Prezident R. T. Erdogan, Baku-Tiblisi-Kars demir ýolunyň gaýtadan doly ulanmaga berilmegi üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobakhidze bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Sözlerine “Dost ýurt gruziýanyň halkyny 10 gün soň bellenilip geçiljek garaşsyz güni bilen mähirli gutlaýaryn” diýip başlan Erdogan, myhman Premýer-ministr bilen iki dost goňşy we strategik hyzmatdaş hökmünde netijeli gepleşik geçirendiklerini nygtady.

Geçen ýyl 3 milliard dollara barabar bolan özara söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýdan Erdogan “Taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda gurlan Baku-Tiblisi-Kars demir ýolunyň gaýtadan doly ulanmaga berilmegi üçin tagalla edýäris” diýdi.

Gruziýanyň Premýer-ministri bilen FETÖ we PKK-nyň başda durmagynda ähli terror guramalaryna we guramaçylykly jenaýat toparlaryna garşy täsirli göreşiň alnyp barylmagy barada pikir alyşandyklaryny aýdan Erdogan “Döwletimiz terror guramalaryna we guramaçylykly jenaýat toparlaryna garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirer” diýdi.

Ýewropa Futbol çempionadynda Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasynyň Gruziýanyň ýygyndysy bilen şol bir toparda ýer alýandygyny ýatladan Prezident Erdogan “Milli ýygyndy futbol komandalarymyza häzirden üstünlik arzuw edýärin” diýip belledi.

Gruziýanyň Premýer-ministri ırakli Kobakhidze hem “Erdogan, türk halkynyň bähbidini goraýan güýçli lider. Jenap Prezident Gruziýanyň milli bähibtleriniň goralmagyna uly goldaw berýär we bize berýän goldawlary üçin sagbolsun aýdýarys. Biz Kawkaz ýurtlarynyň jebislikde ýaşamagyna uly goldaw berýäris we özara bähbide esaslanýan hyzmatdaşlyga taýar” diýdi.

Beýleki tarapda geçirlen toparara duşuşyklardan soň iki ýurduň arasynda energetika pudagy boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan teswirnama gol çekişildi.

 

 



Degişli Habarlar