Aşgabatda Taryhy we Medeni ýädygarlikler konferensiýasy geçirildi

Türkmenistanda taryhy we medeni ýädygärlikleriň bir tarapdan syýahatçylyk üçin açylmagy beýleki tarapdan bolsa gorag astyna alynmagy maksady bilen konferensiýa geçirildi

1910673
Aşgabatda Taryhy we Medeni ýädygarlikler konferensiýasy geçirildi
Aşkabat’ta Tarihi ve Kültürel Anıtlar Konferansı Yapıldı  (3).jpg
Aşkabat’ta Tarihi ve Kültürel Anıtlar Konferansı Yapıldı  (4).jpg
Aşkabat’ta Tarihi ve Kültürel Anıtlar Konferansı Yapıldı  (5).jpg
Aşkabat’ta Tarihi ve Kültürel Anıtlar Konferansı Yapıldı  (6).jpg

Ýerli we daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşan konferensiýada ýurtda bar bolan 1400-den gowrak taryhy eser gözden geçirildi.

Paýtagt Aşgabat şäherinde "Taryhy we Medeni ýädygarlikler" atly halkara konferensiýa geçirildi. Medeniýet ministrliginiň ýer eýeçilik etmeginde Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen açylyş dabarasyna aralarynda Russiýa, Fransiýa we Italiýa ýaly ýurtlardan gelen köp sanda alym, ýurduň taryhy we medeni ýadygärlikler dolanşygynyň resmileri bilen medeniýet öýleriniň we muzeýleriň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Taryhy we medeni ýadygärlikleriň öwrenilmegi, goralmagy we syýahatçylyk üçin açylmagy maksady bilen geçirilen konferensiýada döwrebap usullar barada gürrüň berildi, halkara hünärmenler bilen tejribe alyşyldy.

Türkmenistanda öňki döwürleriň öňde baryjy taryhy arhitektura gurluşlary bolan 1400-den gowrak taryhy eser bar. Arasynda açyk howa muzeýler hem bolan eserlerden Gadymy Merw, Gadymy Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda bardyr. Beýleki eserleriň hem şol sanawa goşulmagy maksat edinilýär.



Degişli Habarlar