Energiýa Çeşmeleriniň Dünýä Bazarlaryna Ýetirilmegi Üçin Utgaşykly Işleşýäris

Serdar Berdimuhamedow energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilmegi üçin utgaşykly hem-de köpugurly ulgam döretmek üçin işleýändiklerini aýtdy.

1918948
Energiýa Çeşmeleriniň Dünýä Bazarlaryna Ýetirilmegi Üçin Utgaşykly Işleşýäris

 

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow ýurdunyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilmegi üçin utgaşykly hem-de köpugurly ulgam döretmek üçin işleýändiklerini aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan Döwlet Ýolbaşçylarynyň 1-nji Sammitinde sözlän sözünde bu maslahatyň üç doğanlyk ýurdy birek-birege jebisleşdirýändigini we ýurtlaryn arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda şu gün geçirilen duşuşygy ykdysady hyzmatdaşlyk taýdan möhüm taryhy waka hasaplaýandyklaryny nygtan Berdimuhamedow; “Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelriniň dünýa bazarlaryna çykarylmağy üçin utgaşykly, köpugurly ulgam döretmek üçin işleýär” diýdi.

Berdimuhamedow ulaglar meselesinin ähmiýetine ünsi çekip; “Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýrudumyzyň üsaşyr geçýän ulag geçelgelerini gurmak boýunça bilelikdäki strategiýa laýyklykda ýakyn üçtaraply hyzmatdaşlygyň möhümdigi hakynda ylalaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar