Prezident Erdogan Türkmen Kärdeşi Serdar Berdimuhamedow Bilen Duşuşdy

Awaza Kongres merkezinde bolan duşuşykdan soň iki lider sammite gatnaşyjylar bilen ýadigärlik surat aldyrdy.

1918624
Prezident Erdogan Türkmen Kärdeşi Serdar Berdimuhamedow Bilen Duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Awazada geçiriljek liderler sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gitdi.

Prezident Erdogan maslahatyň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen  hem duşuşar.

Sammitde, söwda, energetika we ulaglar pudagynyň başda durmagynda dost we doganlyk üç ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn ösdürilmegi meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdogan sammitiň çäginde ilkinji duşuşygyny Türkmenistanyň Milli Mejlisiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan soň bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Awaza Kongres merkezinde bolan duşuşykdan soň iki lider sammite gatnaşyjylar bilen ýadigärlik surat aldyrdy.

 



Degişli Habarlar