Saud Arabystanynyň DIM Türkmenistanda Sapar Gurady

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faisal bin Farhan Al Saud resmi sapar bilen Türkmenistana bardy.

1921287
Saud Arabystanynyň DIM Türkmenistanda Sapar Gurady
Suudi Arabistan-Türkmenistan 2.jpg
Suudi Arabistan-Türkmenistan 3.jpg

Döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşan myhman ministr soň türkmen kardeşi bilen Saud Arabystanynyň İlçihanasynyň täze binasynyň açylyşyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faisal bin Farhan Al Saudy kabul etdi.

Diplomatik gataşyklaryň açylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan saparda Faisal bin Farhan Türkmenistan bilen uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändiklerini beýan etdi.

Türkmenistanyň lideri bolsa iýun aýynda Saud Arabystany Şalygynyň keramatly toparklaryna guran ilkinji sapary bolan haj zyýaratynyň özi üçin ýatdan çykmajak pursatlar bolandygyny aýtdy.

Duşuşykda BMG-niň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde üstünlikli dowam etdirilýän hökümetara gatnaşyklaryň ýeten sepgidi we geljegi hakynda pikir alyşyldy. Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň depginiň kadalydygy we ikitaraply bähbide esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek üçin eksport-import mümkinçilikleriniň bardygy beýan edildi. Ýangyç-energetka, oba hojalyğy w söwda, ulaglar we aragatnaşyk, himiki-dokma senagaty geljegi uly bolan pudaklar boldy.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri soň türkmen kardeşi Raşid Meredow bilen Arabystan Şalygynyň İlçihanasnyň täze binasynyn resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy.



Degişli Habarlar