Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Wekiliýeti Türkmenistanda Saparda Boldy

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodinin ýolbaşçylyk edýän wekiliýeti Aşgabada resmi sapar gurady.

1940095
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Wekiliýeti Türkmenistanda Saparda Boldy
Volodin 4.jpg
Volodin 2.jpg
Volodin 3.jpg

Döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow we Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşan Wolodin, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň  wekiliýeti 11 ýyl soň Türkmenistana sapar gurady.

Wekiliýete ýolbaşçylyk eden Wolodin, döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuş. Türkmenistanyň lideri Wladimir Putiniň salamyny gowşurdy.

Soň Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşan wekiliýetiň gün tertibinde iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn orun berildi. Mämmedowa Türkmenistanda mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halk deputatlarynyň saýlawyna Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýetini synçy hökmünde gatnaşmaga çağyrdy. Teklibe hoşallyk bildiren Wolodin, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze hyzmatdaşlyk usullarynyň gerekdigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar