Ata Watan Türkmenistandan Berilýän Ýardamlar Dowam Edýär

Ata watan Türkmenistan ýer titremelerinden ejir çeken sebitleriň gussasyny bölüşmäge dowam edýär.

1946418
Ata Watan Türkmenistandan Berilýän Ýardamlar Dowam Edýär
Türkmenistan Yardım 2.jpg
Türkmenistan Yardım 3.jpg
Türkmenistan Yardım 4.jpg

Çagyryşlara ünssiz galmadyk türkmen raýatlary Türkiýäniň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Ilçihanasynyň Wyza merkezine odeal we ýorgan kömegini berdi.

Ilçi Togan Oral, Türkmenistandan üçünji ynsanperwer kömek uçarynyň şu gün uçjakdygyny beýan edip, arkalaşyk üçin sagbolsun aýtdy.

Türkmenistanda ýer titremelerinden ejir çeken sebitler üçin ynsanperwer kömekleri ýygnalmaga dowam edýär. Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr sahawat gaznasynyň başda durmagynda jemgyýetçilik guramalary we türkmen raýatlary taýýarlan odeallary hem-de ýorganlary Türkiýäniň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Ilçihanasyna getirýär.

Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçisi Togan Oral beren beýannamasynda Türkmensitandan Türkiýä iki uçar derman, zerurlyk duýulýan goşlary we kömek enjamlary bilen bilelikde saglygy goraýyş işgärleriniň ugradylandygyny beýan edip, kömek bermäge dowam edýän türkmen raýatlaryna sagbolsun aýtdy.



Degişli Habarlar