Aşgabatda Eýranyň Harytlarynyň Sergisi Açyldy

Eýran Yslam Respublikasynda öndürilýän harytlar Aşgabatda sergilenýär.

1947879
Aşgabatda Eýranyň Harytlarynyň Sergisi Açyldy
İran Sergi Aşkabat 2.jpeg
İran Sergi Aşkabat  1.jpeg
İran Sergi Aşkabat.jpeg

Eýranyň ykdysadyýetine goşant goşýan dürli pudaklaryň türkmen bazaryna gelmegini maksat edinýän sergi iki ýurduň işewürlerini duşuşdyrdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat birleşmesiniň Sergiler merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi açyldy. Serginiň açylyşyna hökümetiň agzalary, halk deputatlary, diplomatik wekiller, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen habar beriş gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen ykdysadyýet bazaryndaky pozisiýasyny güýçlendirmek isleýän Eýran, sergä 100-e golaý firma bilen gatnaşýar. Sergide nebit, gaz, himiýa we azyk senagatynyň harytlary bilen derman, lukmançylyk enjamlary, hojalyk önümleri we awtoulaglary öz içine alýan sergi türkmen we eýranly işewürleri duşuşdyrdy. Telekeçiler öz ugurlaryndaky täzelikleri sergä gelenleriň dykgatyna ýetirdi.

Üç gün dowam etjek serginiň iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryna goşant goşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar