Türkmenistan Bilen BAE Ykdysady Hyzmatdaşlygy Ösdürerler

Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet ýolbaşçysynyň Orunbasary Şeýh Mansur bin zaýed Al Nahýan Aşgabada iş saparyny gurady.

1948661
Türkmenistan Bilen BAE Ykdysady Hyzmatdaşlygy Ösdürerler
Türkmenistan-BAE 2.jpg
Türkmenistan-BAE 3.jpg

Saparda iki ýurduň arasynda dowam edýän özara we sebitleýin hyzmatdaşlyk ugurlary hakynda pikir alyşyldy.

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinden gelen myhmanyny iki ýurduň milli baýdaklary bilen bezelen halkara Aşgabat howa menzilinde garşylady. Soň duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Lideri saparyň özara gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşjakdygyny nygtady. Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahýan bolsa türk myhmansöýerligi üçin sagbolsun aýtdy.

Duşuşykda iki ýurduň özara bähbit getirýuän ykdysadyýetini ösdürjek uğurlar hakynda pikir alyşyldy. Maýa goýumlaryň sebite çekilmegi, täze senagat ugurlarynyň döredilmegi, bankçylyk we maliýe hyzmatdaşlyk ugurlary seljerildi. Türkmenbaşy adyndaky Halkara deňiz portunyň BAE-niň portlary bilen üpjünçilik toruny döretmek üçin işjeň pozisiýa eýelejekdigi nygtaldy. Logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň şertleri boýunça pikir alyşyldy.

Geçen ýylyň fewral aýynyn 11-12-si aralyğynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, 21-22-nji noýabrynda bolsa Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine ýokary derejeli sapar gurap, giňişleýin hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça strtegik resminamalar gol çekişilipdi.

 



Degişli Habarlar