Türkmenistanyň Döwlet baştutany Türkiyäniň Prezidentini dogulan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogany dogulan güni bilen gutlady

1952193
Türkmenistanyň Döwlet baştutany Türkiyäniň Prezidentini dogulan güni bilen gutlady

Türkmenistan gazediniň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Prezident Erdogana ugradan gutlag hatynda berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, dostlukly ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Gutlag hatynda Prezident Erdoganyň Türkmenistan bilen Türkiyäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde uly goşant goşýandygyny bellän Serdar Berdimuhamedow: "Biz emele gelen ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris" diýip belledi. 

Mundan başgada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Prezident Erdogany dogulan güni bilen gutlap, Türkmenistan-Türkiye gatnaşyklaryna goşan şahsy goşandy üçin özüne minnetdarlyk bildirdi. 

1954-nji ýylyň 26-njy fewralynda dogulan Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň dogulan güni düýn sosial media platformalarynda müňlerçe gezek paýlaşylypdy. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew we Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç hem telefon arkaly jaň edip, Prezident Erdogany dogulan güni bilen gutlapdylar. 



Degişli Habarlar