Türkmenistan Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýär

Türkiye Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Twitter hasabyndan beýannama berdi

1952900
Türkmenistan Türkiyä ynsanperwer kömek ugratmaga dowam edýär

Türkmenistandan Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň koordinasiýasynda 6-njy fewralda başdan geçirilen, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerde zyýan çeken adamlar üçin ýene-de 1100 ýorgan we 89 düşek ugradyldy. 

Türkiye Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Ilçihanamyzyň koordinasiýasy esasynda Türkmenistandan ýer titremäniň başdan geçirilen sebite şu gün irden goşmaça 1100 düşek we 89 ýorgan ugratdyk. Haýyr-sahawat eden raýatlarymyza, Türkmenistandaky firamalarymyza, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine, THÝ kärhanasyna minnetdarlyk bildirýäris" diýip habar berdi. 

Türkmenistanda raýat jemgyýetçilik guramalary we Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasy tarapyndan geçirilen ýardam kampaniýasynyň netijesinde şu günki güne çenli ýer titremede zyýan çeken adamlara 8 müň 71 ýorgan, 390 düşek, 20 generator, 60 gyzdyryjy, 6 mobil hajathana, 11,15 tonna egin-eşik, 44,46 tonna lukmançylyk enjamlary we 67 tonna azyk ugradyldy. 



Degişli Habarlar