Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri Bakuwda Duşuşdylar

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjana guran saparynyň çäginde Prezident Ilham Aliýew ilen duşuşdy.

1954356
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri Bakuwda Duşuşdylar
Türkmenistan-Azerbaycan 4.jpg
Türkmenistan-Azerbaycan 1.jpg
Türkmenistan-Azerbaycan 2.jpg
Türkmenistan-Azerbaycan 3.jpg

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana guran saparynyň çäginde Prezident Ilham Aliýew ilen duşuşdy.

Duşuşykda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi we pandemiýadan soň ýüze çykan meseleleriň ortadan aýrylmagy hakynda pikir alyşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň Kowid-19 garşy göreş boýunça aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak üçin Bakuwa bardy.

Sammitiň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşan türkmen lider, Hereketiň pandemia garşy göreş hem-de haralka parahatçylygyň we howpsuzlygyň goralmagy boýunça möhüm pozisiýa eýeleýändigini beýan etdi.

Ilham Aliýew hem ýokary derejeli maslahata gatnaşandygy üçin Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysyna sagbolsun aýtdy. Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine elmydama aýratyn ähmiýet berýändigini aýdan Aliýew, türk harytlarynyň ýurdunyň üstaşyr gatnadylmagy üçin täze şertleriň dörediljekdigini beýan etdi.

Duşuşykda söwda we ykdysady gatnaşyklar, hökümetara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biri boldy. Kardeşler iki ýurduň Orta Aziýadaky geosyýasy ähmiýetiniň ulag-logistika we energiýa ulgamlary ýaly uğurlarda ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge şert döredýändigini nygtadylar.

Azerbaýjan bilen Türkmenistan BMG-niň başda durmagynda halkara guramalarda bilelikde hereket edýär we iki ýurduň arasynda energetika, pagta önümçiligi, ulaglar, maýa goýum we beýleki uğurlarda giň hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bar.



Degişli Habarlar