Türkmenistanda Türkiyede bolup geçen ýer titremeler zerarly sadaka berildi

Türkmenistanda ýer titremede ýogalan adamlar zerarly ýurduň Milli lideri, Halk Maslahatynyň başlygy arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sadaka berildi

1960309
Türkmenistanda Türkiyede bolup geçen ýer titremeler zerarly sadaka berildi
Türkmenistan'dan Deprem Bölgesi İçin Hayır Sadakası Yemeği Verildi 3.jpg
Türkmenistan'dan Deprem Bölgesi İçin Hayır Sadakası Yemeği Verildi 4.jpg
Türkmenistan'dan Deprem Bölgesi İçin Hayır Sadakası Yemeği Verildi 5.jpg
Türkmenistan'dan Deprem Bölgesi İçin Hayır Sadakası Yemeği Verildi 6.jpg
Türkmenistan'dan Deprem Bölgesi İçin Hayır Sadakası Yemeği Verildi 7.jpg
Türkmenistan'dan Deprem Bölgesi İçin Hayır Sadakası Yemeği Verildi.2.jpg

Köp sanda türk raýatynyň gatnaşmagynda geçirilen çärede şehit bolan adamlar hatyralandy, şikes ýeten adamlar üçin doga-dilegler edildi.

Ýurtda ýer titremäniň başdan geçirilen sebitiň gam-gussasyny paýlaşmak maksady bilen ýardam kampaniýalar dowam edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýer eýeçilik etmeginde ýer titremede ýogalan adamlar zerarly Aşgabat şäherindäki Hz. Ömer metjidinde türkmen däp-dessurlaryna laýyklykda sadaka berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow: “Doganlyk Türkiye Döwleti örän uly apaty başyndan geçirdi. Köp sanda adam ýogaldy. Müňlerçe adam ýaralandy. Biz oňa örän gynandyk. Biz türkmen halkynyň adyndan Prezident Rejep Taýýip Erdogana, hormatly doganyma, bütin türk halkyna gynanç bildirýäris. Türkmen döwleti siziň her biriňiziň dag ýaly arkasyndadyr” diýip nygtady.

Türkiyeden hem uly wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen çärä Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary we deputatlar bilen Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral gatnaşdy.

Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral: “Bu ýerde Homatly Gurbanguly Berdimuhmedow Milli lideriň ýer eýeçilik etmeginde az wagt soň sadaka naharyny iýeris, hem Türkmenistanyň baş müftüsi hem-de Türkiyeden gelen mollalarymyz bilen birlikde şehitlerimiz üçin doga-dilegler ederis” diýip habar berdi.

Ishak Danyş, Çamlyja metjidiniň baş ymamy: “Türkmen raýatlarynyň uly gyzyklanma bildiren sadakada ýogalan on müňlerçe adam uly hormat bilen hatyralandy” diýdi.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji Sessiýasynyň başlygy Wolkan Bozkyr: “Ýer titremelerde ýogalan, ýaralanan we çadyrlarda ýaşaýan doganlarymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň we Milli Lideriniň ilkinji günden başlap bildiren gyzyklanmasy we goldawy üçin minnetdardyrys” diýip belledi.

Beýleki tarapdan bolsa ýurtda ýardam kampaniýalary dowam edýär. Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň öňbaşçylyk etmeginde şu günki güne çenli Türkmenistandan 3 million lira haýyr-sahawat bilen birlikde, 60 gyzdyryjy, 20 generator, 667 düşek, 6835 ýorgan bilen 23,45 tonna agyrlygynda egin-eşik, arassaçylyk serişdeleri we azyk önümleri ýer titremäniň başdan geçirilen sebite ugradyldy.



Degişli Habarlar