Serdar Berdimuhamedow Katara Sapar Gurady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katara ilkinj resmi saparyny amala aşyrdy.

1962935
Serdar Berdimuhamedow Katara Sapar Gurady
Türkmenistan-Katar 4.jpg
Türkmenistan-Katar 3.jpg

Ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi maksady bilen guralan saparda iki ýurduň arasynda 7 resminama gol çekişildi.

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen Kataryň Emiri  Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Dohada duşuşdylar.

Resmi garşylama dabarasyndan soň liderler ykdysadyýet, maýa goýum, söwda, energetika, sport we bilim pudaklarynyň başda durmagynda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşyp, maýa goýum mümkinçiliklerini seljerdiler.

Türkmenistanyň Lideri duşuşygyň iki halkyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryny hasam ösdürjekdigine bolan ynamyny beýan eden bolsa, Kataryň Emiri ýokary derejeli sapary hökümetleriň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypa hökmünde häsýetlendirdi. İki ýurduň arasynda maýa goýum, nebit we gaz senagaty ýaly ugurlarda uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekildi.

Türkmenistanyň Lideri Doha saparynyň çäginde katarly işewürler bilen duşuşdy. Esasanda Hazar denizinde nebit we tebigy gaz pudagynda uly söwda mukdarynyň bardygyny aýdan Berdimuhamedow, Türkmen-Katar İşewürler geňeşiniň döredilmginiň maýa goýum taslamalarynyň iş ýüzüne geçirilmegine goşant goşjakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katara saparynyň dowamynda Dohada Türkmenistanyň İlçihanasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.



Degişli Habarlar