Türkmenistanda Ýekşenbe Güni Saýlawlar Geçiriler

Türkmenistanda halk ýekşenbe güni halk deputatlaryny, Halk Maslahatynyň we ýerli dolandyryş organlarynyň wekillerini saýlarlar.

1964658
Türkmenistanda Ýekşenbe Güni Saýlawlar Geçiriler

Ýurtda 2,644 saýlaw okrugynda ses beriljek saýlawlarda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda-da 42 saýlaw okrugy döredildi.

Türkmenistanyň Mejlisinde 125 halk deputatlyk, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň halk maslahatlarynda 240 agza, etrap we etrapçalardaky halk maslahatlarynda 960 agza we ýerli dolandyryş organlarynda 5,897 agza bar.

Halk deputatlarynyň saýlawynda hâkimiýet başyndaky Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen Türkmenistanyň daýhanlar partiýasy bilen jemgyýetçilik guramalarynyň dalaşgärleri bäsleşerler.

Halk deputatlarynyň saýlawynda 3 syýasy partiýadan jemi 175 dalaşgär we jemgyýetçilik guramalarynyň 83 dalaşgäri bilen jemi 258 dalaşgär Mejlisdäki 125 kürsi üçin bäsleşerler.



Degişli Habarlar