Türkmenistandan, Ýer Titremeleri Zerarly Türkiýä Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýer titremelerinde ejir çeken raýatlar üçin 1,5 tonna ynsanperwer kömeginiň täze tapgyryny ugratdy.

1965000
Türkmenistandan, Ýer Titremeleri Zerarly Türkiýä Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýatynda bolan ýer titremelerinde ejir çeken raýatlar üçin 1,5 tonna ynsanperwer kömeginiň täze tapgyryny ugratdy.

Türkiýäniň Aşbagatdaky ilçihanasy tarapyndan berlen maglumata görä, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ilçihana arkaly Türkiýede bolan ýer titremelerinde ejir çekenler üçin egin-eşik we azykdan ybarat 1,5 tonna ynsnaperwer kömegini ugratdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Twitterden beren habarnamasynda, Türkmenistandan ozal hem arassaçylyk serişdelerinden, dermandan we lukmançylyk enjamlaryndan, egin-eşiklerden we azykdan ybarat 145 tonnalyk ynsanperwer kömeginiň Türkiýä ugradylandygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar