Türkmenistanda saýlawlar geçirildi

Türkmenistanda 1 ýyl ozal geçirilen Prezident saýlawlaryndan soň ýene-de bir saýlaw tapgyry geçirildi

1965222
Türkmenistanda saýlawlar geçirildi

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan berilen beýanatda, takmynan 3,5 million saýlawçy, özlerine 5 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde wekilçilik etjek deputatlary bilen halk maslahatlarynda we ýerli dolanşykda wekilçilik etjek wekillerini saýlamak üçin ses berdiler. 

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawyndan soň bu gezek bolsa  Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.
Baýramçylyk gurşawynda geçirilen saýlawlar üçin Türkmenistan Merkezi saýlaw geňeşi tarapyndan 125 saýlaw okrugy döredildi we 2644 saýlaw uçastogy döredildi. Geňeş, hasaba alnan 3 million 496 müň 475 saýlawçynyň ses berip biljekdigini habar berdi.

TRT-nyň Türkmenistandaky wekili Ugur Sami Gezer: “Umumy saýawlaryň 26-njy martda geçirilmegi baradaky kabul edilen karardan soň, şu gün türkmen halky saýlawlara gatnaşdy, 5 ýyl möhlet bilen özlerine wekilçilik etjek wekillerini kesgitledi” diýip habar berdi.

Saýlawlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň dalaşgärleri gatnaşdylar.  

Deputat saýlawlary üçin 3 syýasy partiýadan jemi 175 dalaşgär we raýat toparynyň 83 garaşsyz dalaşgäri

Mundan başgada 18 ýaşan 75 müň 606 saýlawçy ilkinji gezek ses berdi. 

Saýlawlara 2855 ýerli bolmak bilen Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we diplomatik missiýalaryň wekillerinden ybarat jemi 80 adamdan ybarat synçy topar tarapyndan gözegçilik edildi.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, geçirilýän saýlawlaryň türkmen döwletiniň syýasy we kanuny esaslaryny berkitjekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar