Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Türkiyäniň Prezidentine hat ugratdy

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy we ýurduň ozalky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana we aýaly Emine Erdogana hat ugratdy

1969573
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Türkiyäniň Prezidentine hat ugratdy

Türkmenistan gazedinde çap edilen hatda, Türkmen-Türk gatnaşyklaryna ünsleri çeken Gurbanguly Berdimuhamedow: Ilki bilen, Türkmenistana we türkmen halkyna tüýs ýürekden ýokary derejede goýýan hormatyňyz, Türkmenistanyň we Türkiyäniň arasyndaky dost-doganlygy, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek işine goşýan ägirt uly goşandyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris" diýip belledi. 

Gurbanguly Berdimuhamedowtürki halklaryň ösüşinde, häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmek, ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň işine ýakyndan gatnaşmagyň iki ýurduň umumy çemeleşmesidigini beýan etdi. 

Gurbanguly Berdimuhamdow hatynda: "Biz hemişe Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara gatnaşyklarynda Bir millet — iki döwlet diýen esasy ýörelgä eýerýändigimizibeýan edýäris" diýip belledi. 

Berdimuhamedow hatynda: "Türkmenistan Türkiýäniň 30-njy marty Zyňyndysyz önümçiligiň halkara güni hökmünde yglan etmek baradaky başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilen Kararnamasynyň awtordaşy hökmünde ilkinjileriň hatarynda çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly hanym Emine Erdoganyň şu ýylyň 30-njy martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň mejlisinde eden çykyşy ekologiýa babatda giň gerimli we uzak möhletli maksatnamalary iş ýüzünde amala aşyrmaga, halkara jemgyýetçiligiň Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen tagallalaryna möhüm goşant boldy" diýip nygtady. 

Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiyäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň durnukly bir häsýetde güýçlendirilmeginiň, beýleki döwletleriň halklarynyň arasynda döredijilikli, oňyn häsiýetli gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşjakdygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar