Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, ilkinji gezek geçirilen Hytaý-Orta Aziýa sammiti üçin ýurduna sapar guran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdi

1988188
Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä Si Szinpin duşuşykda Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulan 1992-nji ýyldan bäri ikitaraplaýyn hormada we bähbide esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dowam etdirýändiklerini, iki ýurduň arasynda has uly hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýandygyny habar berdi. 

Sedar Berdimuhamedowyň ýanwar aýynda Hytaýa guran saparynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirendiklerini yglan edendiklerini aýdan Si Szinpin, hyzmatdaşlyklaryny Hytaýyň we Türkmenistanyň halklarynyň peýdasyna boljak görnüşde özgertmäge taýardyklaryny beýan etdi. 

Hytaý bilen Orta Aziýa Respublikalaryny bir ýere jemlän Hytaý-Orta Aziýa sammiti, gadymy Ýüpek Ýolunyň başlangyç nokady hökmünde kabul edilýän, Hytaýyň Şenşi welaýatynyň merkezi Sian şäherinde geçirilýär.  

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň ýer eýeçilik etmeginde geçirilýän sammite Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew gatnaşýar. 



Degişli Habarlar