Bütindünýä Welosiped Güni Aşgabatda Bellenilip Geçildi
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşdy.
Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Bütindünýä welosiped güni” Aşgabatda dabara bilen bellenilip geçildi.
Köpetdagyň eteğinden başlan welosipedli ýörişe döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda köp sanly raýat gatnaşdy. Paýtagtyň şaýollary we köçeleri welosiped söýjülerden dolup daşdy.
Türkmenistanda her ýyl yzgiderli geçirilýän çäre bilen jemgyýetde sagdyn ýaşaýyş endikleriniň ornaşdyrylmagy we daşky gurşaw gözýetiminiň giňeldilmegi maksat edinilýär.
BMG-niň Baş Assambleýasy 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlygy bilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda karar kabul edipdi.
Türkmenistanyň hödürlän beýleki bir teklibi bilen bolsa “jemgyýetçilik transport ulgamlaryna welosiped ulanylmagynyň hem goşulmagy hakyndaky karar” biragyzdan kabul edilipdi.