Wengriýadan Türkmenistana Ýokary Derejeli Sapar Guraldy

Şol maksat bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada bardy.

1997917
Wengriýadan Türkmenistana Ýokary Derejeli Sapar Guraldy
TKM 2.jpg
TKM 3.jpg
TKM 4.jpg

Türki döwletleriň guramasynda synçy statusuna eýe bolan Türkmenistan bilen Wengriýa özara bähbide esaslanýan hyzmatdaşlygyny artdyrmak isleýär.

Şol maksat bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada bardy.

Wiktor Orban resmi saparynyň çäginde ilki Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Wengriýanyň Premýer-ministri soň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamdow bilen duşuşdy.

Wengriýanyň Premýer-ministri Orban, Türkmenistanyň Ýewropanyň energetika üpjünçiligine uly goşant goşup biljekdigini beleldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem iki ýurduň arasyndaky söwda mümkinçiligine ünsi çekdi.

Geçirlen gepleşiklerden soň Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda bilim, medeniýet, syýahatçylyk we maýa goýum ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi maksady bilen 8 şertnama baglaşyldy.

Liderler Aşgabat gepleşilerine kanagatlanma bildirdi.

 



Degişli Habarlar