Türkiyäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda baýramçylyk çäresi geçirildi

Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynda Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi

2004967
Türkiyäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda baýramçylyk çäresi geçirildi
Aşkabat Büyükelçiliğinde Bayramlaşma Yapıldı 2.jpg
Aşkabat Büyükelçiliğinde Bayramlaşma Yapıldı 3.jpg
Aşkabat Büyükelçiliğinde Bayramlaşma Yapıldı 4.jpg

Çärä TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew başda bolmak bilen döwlet guramadyr-edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Prezident Erdogan hem kärdeşi Berdimuhamedowy Gurban baýramy bilen gutlady.

Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlar, işewür adamlar bilen döwlet edaradyr-kärhanalaryň wekilleri, Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynda bir ýere jemlenip, biri-birlerini baýramlary bilen gutladylar. Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen baýramçylyk çäresine TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew bilen birlikde Azerbaýjanyň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hasan Zeýnelow hem gatnaşdy.

Baýramçylyk çäresinde TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew TÜRKSOÝ-yň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ilçi Togan Orala plakat gowşurdy, bütin Yslam äleminiň baýramyny gutlady.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew: “Şu gün Yslam dünýäsini, Türk dünýäsini Gurban baýramy bilen gutlaýaryn. Biz hem TSRKSOÝ guramasy hökmünde öz gezegimizde dostlarymyzy, türk dünýäsini şu günki mukaddes gün bilen gutlaýaryn. Türk dünýäsi bar bolsun, baýramyňyz gutly bolsun” diýdi.

Ilçi Togan Oral hem baýramçylygyň ýer titremede ejir çeken adamlaryň gam-gussasyny ýeňletmegiň serişdesi boljakdygyna ynanýandygyny beýan etdi.

Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral: “Men nesip bolsa bu baýramçylygyň hem ýer titreme betbagtçylygynda ejir çeken raýatlarymyzyň gam-gussasyny biraz hem bolsa ýeňletmegini, hem-de watanymyz, milletimiz we beýik türk dünýäsindäki ähli doganlarymyza saglykly, owadan we nesip bolsa bagtyýar we asuda günleriň buşlukçysy bolmagyny dileýärin” diýip belledi.

Prezident Erdogan hem kärdeşi Serdar Berdimuhamedowy we Milli lider Gurbanguly Berdimuhamedowy baýramlary bilen gutlady we bütin türkmen halky üçin iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.



Degişli Habarlar