Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilip geçilýär

Yslam äleminde uly şüweleň bilen bellenilip geçilýän Gurban baýramy, Türkmenistanda hem agzybirlik we jebislik bilen bellenilip geçilýär

2004945
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilip geçilýär
Türkmenistan’da Kurban Bayramı  2.jpg
Türkmenistan’da Kurban Bayramı  3.jpg
Türkmenistan’da Kurban Bayramı  4.jpg
Türkmenistan’da Kurban Bayramı  6.jpg
Türkmenistan’da Kurban Bayramı 1.jpg
Türkmenistan’da Kurban Bayramı 5.jpg

Öňümizdäki 3 gün resmi dynç alyş güni hökmünde yglan edilen ýurtda, okalan baýram namazyndan soň, gurbanlyk mallar soýuldy, tamdyrlar ýakyldy.

Yslam dünýäsi Gurban ybadatynyň töwereginde jemlenişdi, Türkmenistan hem şol joşgunly pursatlara şärik boldy. Ir ertir bilen ýoldaşlary we çagalary bilen metjitlere baran türkmenler, ýurt derejesinde baýram namazyny asudalyk we bagtyýarlyk içinde okadylar.

Akmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň raýaty: “Gurban baýram namazyny okadyk. Indi bolsa öýümize baryp gurbanlyk mallarymyzy soýarys. Goňşularymyzy, dogan-garyndaşlarymyzy myhmançylyga çagyrarys. Biri-birlerimizi baýramymyz bilen gutlarys. Beren sadakalarymyz Allanyň dergähinde kabul bolsun. Gurban baýramyňyz gutly bolsun, watanymyz asuda, asmanymyz aýdyň bolsun. Alla ählimize ýeneki baýramçylyklary belläp geçmek nesip etsin” diýip belledi.

Baýram namazyndan soň gurbanlyk goýunlaryny alan türkmenler bellenen ýerlerde mallaryny soýdular. Mätäç bolan adamlara etler paýlandy. Yz ýanyndan bolsa tamdyrlar ýakyldy.

Kakabaý Baýsähedow, Türkmenistanyň raýaty: “Gurbanlyk malymyzy soýduk, az salymdam tamdyr kebabyny bişirip, gelen myhmanlara hödür-kerem ederis. Tamdyr kebaby üçin çyg kerpiçden örülen tamdyryň ilki bilen közüni taýarlaýarys, ondan soň guzynyň goluny, boýnuny we oňurgasyny asýarys. Aşagyna bolsa çorba bolmagy üçin bir gazan goýarys. Soň bolsa tamdyry dolulygyna palçyk bilen ýapýarys. 3 sagatdan soň nar ýaly gyzaran etiň tagamyna doýup bolmaýar. Ähli musulman doganlarymyzyň gurbanlyklary we beren sadakalary kabul bolsun” diýip aýtdy.

Türkmenistanda Gurban baýramy welaýatlarda geçiriljek medeni we şüweleň programmalary bilen 3 gün boýunça dowam eder.



Degişli Habarlar